Azerbaýjanda harby dikuçar heläkçilige uçrady

Azerbaýjanda Döwlet serhet gullugyna degişli harby dikuçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde 14 esger şehit boldy, 2 esger bolsa ýaralandy

1740983
Azerbaýjanda harby dikuçar heläkçilige uçrady

Döwlet serhet gullugyndan berilen beýanatda, wakanyň ýerli wagt bilen sagat 10:40-da ýurduň Hyzy sebitindäki Karahebeýt howa tälim bazasynda başdan geçirilendigi mälim edildi. 

Resmileriň wakanyň bolan ýerine gidendikleri we dikuçar heläkçiligi bilen bagly derňew işiniň başladylandygy habar berildi. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, çap eden gynanç ýüzlenmesinde wakada ýogalan esgerleriň maşgalaryna we dogan-garyndaşlaryna gynanç bildirdi. 

Beýleki tarapdan Türkiýe Azerbaýjanyň Karaheýbet howa tälim bazasynda ýere gaçan dikuçarda şehit bolan esgerler bilen bagly gynanç ýüzlenmesini çap etdi. 

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Azerbaýjanyň Hyzy raýonynda ýerleşýän Karahebeýt poligonynda tälim uçuşyny amala aşyran bir harby dikuçaryň ýere gaçandygy, wakada şehit bolan we ýaralanan adamlaryň bardygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy aýan edildi. 

Beýanatda şehit bolan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa gyssagly şypa dilendi. 

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop hem sosial media hasabyndan beren gynanç ýüzlenmesinde: "Şu gün başdan geçirilen dikuçar heläkçiliginde şehit bolan Azerbaýjanly doganlarymyza Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýärin. Azerbaýjanyň halkyna gynanç bildirýärin" diýip beýan etdi. 

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý hem sosial media hasabyndan çap eden gynanç ýüzlenmesinde: "Şu gün başdan geçirilen harby dikuçar heläkçiliginde şehit bolan Azerbaýjanly doganlarymza Alladan rehnet, ýaralananlara bolsa gyssagly şypa dileýärin. Jan Azerbaýjanyň halkyna we hökümetine gynanç bildirýärin" diýip habar berdi. 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, dikuçar heläkçiliginde şehit bolan we ýaralanan esgerler sebäpli gynanç bildirdi. 

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar hem Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow we Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen aýry aýry telefon arkaly söhbetdeş bolup, olara gynanç bildridi. 

Telefon söhbetdeşliginde ministr Akar, Karaheýbetlide ýere gaçan Döwlet Serhet gullugyna degişli dikuçarda şehit bolanlara Alladan rehnet, ýaralananlara bolsa şypa diledi. 

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen beýanatda: "Doganlyk Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugyna degişli dikuçaryň ýere gaçandygy baradaky habary uly gynanç bilen aldyk. Bu gussaly wakada ýogalan şehitlerimize Alladan rehnet, ýaralan adamlarymyza bolsa gyssagly şypa dileýäris, ähli Azerbaýjanly doganlarymyza gynanç we sabyr dileýäris" diýip habar berildi. 

Azerbaýjanyň Döwlet serhet gullugyna degişli harby dikuçaryň ýerli wagt bilen sagat 10:40-da Hyzy raýonyndaky Karahebeýt howa tälim bazasynda heläkçilige uçrandygy mälim edildi. 



Degişli Habarlar