Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Bilen Duşuşdy

Erdogan, Berdimuhamedowyň liderleriň hormatyna beren naharyna hem gatnaşdy.

1739917
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýew Bilen Duşuşdy
aliyev-erdogan.jpg

 

Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 15-nji liderler sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana giden Prezident Erdogan sammitiň çäginde özara duşuşyklar geçirdi.

Erdogan ilki Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi bilen duşuşdy.

Metbugata ýapyk häsiýetinde geçen we ýarym sagat dowam eden duşuşykda özara gatnaşyklar bilen sebitara meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan soň bolsa Täjigistanyň Prezidenti Rahmon we Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşdy.

Prezident Erdogan sammitiň çäginde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen hem duşuşdy.

Erdogan, Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň sammitine gatnaşan liderleriň hormatyna beren naharyna hem gatnaşdy.

Nahar metbugata ýapyk häsiýetinde geçirildi.



Degişli Habarlar