Gyrgyz Respublikasynda Ertir Parlament Saýlawy Geçirler

Saýlawda 21 syýasy partiýa bilen garaşsyz 287 dalaşgär bäsleşer.

1739202
Gyrgyz Respublikasynda Ertir Parlament Saýlawy Geçirler

Gyrgyz halky 28-nji noýabrda ýekşenbe güni parlamentiň täze agzalaryny saýlamak üçin ses berer.

Saýlawda 21 syýasy partiýa bilen garaşsyz 287 dalaşgär bäsleşer.

Saýlawda bellige alynan 3 million 703 müň 420 saýlawçy ses berer.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan gyrgyzlar hem şol gün 29 ýurtda 59 saýlaw merkezinde ses berer.

Saýlaw ýekşenbe güni ýerli wagt bilen 08.00-da başlar we sagat 20.00-a çenli dowam eder.


Etiketkalar: #ýekşenbe , #Gyrgyz , #saýlaw

Degişli Habarlar