Nazarbaýew Nur Otan Partiýasynyň Başlyklygyndan Çekildi

Nazarbaýew,Gazagystany 28 ýyl dolandyrandan soň 2019-njy ýylyň 19-njy martda prezidentlikden çekilipdi

1738103
Nazarbaýew Nur Otan Partiýasynyň Başlyklygyndan Çekildi

 

Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň häkimiýetiň başyndaky Nur Otan partiýasynyň başlygy wezipesini Prezident Kasym Jömert Tokaýewe tabşyrandygy habar berildi.

Nazarbaýewiň metbugat geňeşçisi Aýdos Ükibaý mesele hakynda Twitterden beren habarnamasynda kararyň düýn Nur Otan partiýasynyň syýasy maslahatynda kabul edilendigini aýtdy.

Ükibaý, “Nursoltan Nazarbaýew, partiýa prezidentiň başlyklyk etmelidigi barada pikir edýär we Nur Otan partiýasynyň başlyklygynyň we ähli ygtyýarynyň prezidente tabşyrylmagyna karar berdi” diýdi.

Gazagystany 28 ýyl dolandyrandan soň 2019-njy ýylyň 19-njy martda prezidentlikden çekilen Nazarbaýew, Nur Otan partiýasynyň başlygy wezipesini bolsa dowam etdirýärdi.



Degişli Habarlar