ASELSAN Tarapyndan Öndürlen Enjamlar Ýokary Hilli

ASELSAN-yň Dolanşyk geňeşiniň başlygy we Baş müdüri Prof. Dr. Haluk Görgün Azerbaýjanda saparda bolýar

1737629
ASELSAN Tarapyndan Öndürlen Enjamlar Ýokary Hilli

 

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Azerbaýjanyň goşunlarynyň II Garabag söweşinde ASELSAN tarapyndan öndürlen ýokary hilli harby enjamlary ulanandygyny aýtdy.

Hasanow Azerbaýjanda saparda bolýan ASELSAN-yň Dolanşyk geňeşiniň başlygy we Baş müdüri Prof. Dr. Haluk Görgüni kabul etdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Hasanow kabul edilşikde, Türkiýe bilen Azerbaýjanyň goranyş senagaty pudagynda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýändigini, Prezident R. T. Erdogan bilen Ilham Aliýewiň arasyndaky doganlyk we dostluk gatnaşyklarynyň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösmeginde uly rol oýnaýandygyny nygtady.

Hasanow ASELSAN tarapyndan öndürlen we “Watan Söweşinde ýagny II Garabag söweşinde ulanan harby enjamlarymyz ýokary hillidi” diýdi.



Degişli Habarlar