Mustafa Şentop Özbegistandan gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Özbegistanyň alyp barýan özgertmelerine we öwrülişik tapgyryna ýakyndan gözegçilik edýändiklerini habar berdi

1735957
Mustafa Şentop Özbegistandan gelen wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop, Özbegistanyň Ali Mejlisiniň Kanunçylyk palatasynyň Birinji wise-prezidenti we Özbegistan-Türkiýe parlamentara Dostluk toparynyň başlygy Akmal Saidow we ýanyndaky wekiliýet bilen düýn TBMM-nyň Diwan zalynda duşuşyk geçirdi. 

Ikitaraplaýyn saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özgermegi taýdan möhümdigini aýdan Mustafa Şentop: "Doganlyk hukugyna esaslanýan strategik hyzmatdaşlygymyzyň parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen goldanmagynyň gerekdigine ynanýaryn" diýip beýan etdi. 

"Özbegistanyň we özbek doganlarymyzyň milletimiziň köňlünde aýratyn bir ýeri bardyr" diýip aýdan Şentop, deputatlaryň hem has köp duşuşyklar geçirmek, sapar guramak bilen oňyn gurşawyň üpjün edilmegi üçin tagalla etmeginiň gerekdigini belledi. 

Mustafa Şentop, Türkistan geografiýasynyň iň möhüm ýurtlarynyň biri bolan Özbegistanyň türk we yslam medeniýetiniň elýetmez eserlerine eýe bolmak bilen birlikde, syýasy, ykdysady, sosial taýdan günsaýyn özgerýän we güýçlenýän bir ýurtdugyny beýan etdi. 

Bu ýagdaýyň özlerinde hoşallyk döredýändigini aýdan Şentop, Özbegistanyň alyp barýan özgertmelerine we öwrülişik tapgyryna ýakyndan gözegçilik edýändiklerini habar berdi.

Mustafa Şentop: "Özbegistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza bolmagy bizde hoşallyk döretdi" diýip mälim etdi. 



Degişli Habarlar