Akar Bilen Hasanow Ermenistan Serhedinde Başdan Geçirlen Dartgynlyk Hakynda Pikir Alyşdy

Hulusi Akar bilen Zakir Hasanow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1734780
Akar Bilen Hasanow Ermenistan Serhedinde Başdan Geçirlen Dartgynlyk Hakynda Pikir Alyşdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Akar bilen Hasanow telefon söhbetdeşliginde Ermenistan serhedinde başdan geçirlen dartgynlyk hakynda pikir alyşdy.

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Hasanow, Hulusi Akara serhetde başdan geçirilýän dartgynlyk hakynda maglumat berdi.

Hulusi Akar Türkiýäniň hemişe bolşy ýaly Azerbaýjana goldaw bermäge dowam etjekdigini ýatlatdy.

Ermenistanyň goşunlary şu gün ýerli wagty bilen 11.00-da Laçyn we Kelbejer liniýalarynda operasiýa başladypdy.

Operaziýada azerbaýjanly 2 esger ýaralanypdy.



Degişli Habarlar