Türk Geňeşinin Sammiti Şu Gün Stambulyň Demokratiýa we Azatlyklar Adasynda Geçiriler

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji sammitinde möhüm kararlar kabul ediler.

1733087
Türk Geňeşinin Sammiti Şu Gün Stambulyň Demokratiýa we Azatlyklar Adasynda Geçiriler

Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň 8-nji sammiti Prezident R.T.Erdoganyň ýer eýeçiliginde Stambulyň Demokratiýa we azatlyklar adasynda şu gün geçiriler.

“Ýaşyl tehnologiýalar we sanly ulgam zamanasynda amatly şäherler” temaly sammite Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen synçy ýurt Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban ganaşar.

Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedow hem synçy ýurt derejesinde geňeşe ilkinji gezek gatnaşýan Türkmenistana wekilçilik eder.

Sammitde Türk geňeşiniň adyny “Türk döwletleriniň guramasy” hökmünde üýtgedilmegi we gelejek 20 ýyllyk döwür üçin Garaýyş resminamasy bilen birlikde guramanyň düzümleri hem-de geljegi bilen bagly kararlaryň kabul edilmegine garaşylýar.

Sammitde döwürleýin başlyklyk Azerbaýjandan Türkiýä geçer.

Prezident R.T.Erdogan sammit mynasybetli kärdeşleri bilen özara duşuşyklar geçirer.



Degişli Habarlar