Mirziýoýew Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Türkiýä Gurar

Özbek halky Prezident Mirziýoýewiň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä guramagyna oňyn garaýar.

1732150
Mirziýoýew Ilkinji Daşary Ýurt Saparyny Türkiýä Gurar

Özbegistanda geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanyp ikinji gezek prezidentligine saýlanan we kasam edip wezipesine başlan Şewket Mirziýoýew ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurar.

Özbegistan tarapyndan berlen beýannama görä, Prezident Mirziýoýew noýabr aýynyň 11-12-i aralygynda Stambul şäherinde geçiriljek Türk Geňeşiniň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin ertir Türkiýä gider.

Mirziýoýew Stambulda maslahatyň çäginde özara duşuşyklar geçirer.

Özbek halky Prezident Mirziýoýewiň ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä guramagyna oňyn garaýar.



Degişli Habarlar