Bakuda Garabag ýeňişine bagyşlanyp ýöriş geçirildi

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde Garabag ýeňişiniň 1-nji ýyly mynasybetli ýöriş geçirildi

1730904
Bakuda Garabag ýeňişine bagyşlanyp ýöriş geçirildi
azerbaycan karabag yuruyus1.jpg
azerbaycan karabag yuruyus.jpg

"Ýeňiş Güni" dabaralarynyň çäginde Azneft meýdançasynda başlan ýörişe, harby mekdebiň okuwçylary, Döwlet serhet goragçylary serkerdeligine degişli atly topar, Garabag söweşine gatnaşan harbylar we raýatlar gatnaşdylar. 

Harby orkestriň ýerine ýetiren marşlary bilen başlan ýörişde harby mekdebiň okuwçylary, söweşiň 44 gün dowam etmegine bagyşlap 440 metr uzynlygyndaky Azerbaýjanyň baýdagyny açdylar. 

Raýatlar ellerinde Azerbaýjanyň we Türkiýäniň baýdaklary bilen "Garabag Azerbaýjanyňkydyr" diýip şygarlar aýdyp, ýörişe ýoldaşlyk etdiler. 

Müňlerçe adamyň gatnaşan ýöriş, Ermenistanyň goşunyndan ele geçirilen ýaraglaryň we sowutly ulaglaryň sergilenen Baku şäherindäki "Harby oljalar" muzeýinde tamamlandy. 

Azerbaýjanyň goşuny, 1 ýyl ozal şu gün Garabagyň simwol şäheri bolan Şuşany azat edipdi. 

2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Ermenistanyň hüjümlerine garşylyk görkezip başladan hüjümleri 44 gün dowam etdi we şol gün aralygynda 300-den gowrak ýaşaýyş ýeri azat edilipdi. Azerbaýjanyň goşunynyň Şuşa girmegi, Ermenistanyň goşunynyň dargamagyna sebäp boldy we Ermenistan 2020-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda ýeňilişini yglan edip, Agdam, Kelbejer we Laçyn welaýatlaryndan goşunyny yzyna çekjekdigi baradaky jarnama gol çekipdi. 

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, söweşiň tamamlanan güni bolan 10-njy noýabryň Mustafa Kemal Atatürkiň aradan çykan güni bolmagy sebäpli Şuşanyň azat edilen güni bolan 8-nji noýabry Ýeňiş güni hökmünde yglan etdi. 



Degişli Habarlar