Şewket Mirziýoýewiň Prezident Saýlawynda Üstünlik Gazanandygy Resmi Taýdan Yglan Edildi

Mirziýoýew üçin 12 million 988 müň 964 saýlawçy ses berdi

1726593
Şewket Mirziýoýewiň Prezident Saýlawynda Üstünlik Gazanandygy Resmi Taýdan Yglan Edildi

Özbegistanda 24-nji oktýabrda geçirlen prezident saýlawynda Şewket Mirziýoýewiň üstünlik gazanandygy resmi taýdan yglan edildi.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew, metbugata beren beýannamasynda, prezident saýlawynyň resmi netijelerine görä, saýlawda sesleriň 80,12 göterimini alan Liberal Demokrat partiýadan ýaňadandan dalaşgarlige hödürlenen Prezident Şewket Mirziýoýewiň üstünlik gazanandygyny resmi taýdan yglan etdi.

Zaýniddin Nizamhojaýew, Mirziýoýew üçin 12 million 988 müň 964 saýlawçynyň ses berendigini belledi.

Prezident saýlawynda jemi 16 million 212 müň 343 saýlawçynyň ses berendigini nygtan Zaýniddin Nizamhojaýew, saýlawa bolan gatnaşygyň 80,4 göterimdigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar