Erdogan we Aliýew umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Prezident Erdogan, iş sapary bilen giden Azerbaýjanda Prezident Ilham Aliýew bilen Birinji Agaly obasynda umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

1725535
Erdogan we Aliýew umumy metbugat ýygnagyny geçirdiler

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Daglyk Garabagyň möhüm tranzit logistika merkezleriniň biri boljakdygyny belläp: "Günleriň birinde Zengezurdan çykyp Stambula çenli gelip bileris we sebitiň tranzit logistika merkezi bolmak ugrundaky pozisiýasy berkär" diýip beýan etdi. 

Prezident Erdogan, iş sapary bilen giden Azerbaýjanda Prezident Ilham Aliýew bilen Birinji Agaly obasynda umumy metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Prezident Erdogan Azerbaýjan-Ermenistan gatnaşyklary bilen bagly: "Hemişelik parahatçylygyň üpjün edilmegi we garaşylýan kadalaşma tapgyry ugrunda öňe gidişligiň edilmegi üçin ýagdaý şu günki gün ozalkylardan has hem amatly" diýip habar berdi. 

Rejep Taýýip Erdogan, Ermenistanyň Azerbaýjan bilen açykgöwünli ygtyýar orta goýan halatynda Türkiýe bilen bolan gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň öňünde hem hiç hili päsgelçiligiň galmajakdygyny beýan etdi. 

Erdogan Azerbaýjanyň goňşylary bilen edýän gatnaşyklary bilen bagly bolsa: "Serhetleriň kesgitlenip ikitaraplaýyn häsýetde ykrar edilmegi möhüm. Gowy goňşuçylyk gatnaşyklarynyň esasyny bu düşünje emele getirýär" diýip nygtady. 

Maslahatda çykyş eden Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bolsa: "Öz halkyny, döwletini, halkynyň bähbitlerini, abraýyny goraýan we eýe çykan lider şu gün Azerbaýjandadyr. Bütin Türki dünýä üçin Erdogan möhüm bir faktordyr" diýip belledi. 

Zengezur koridorynyň bütin Türk dünýäsini birleşdirjekdigini aýdan Aliýew: "Hem Türkiýe hem-de Azerbaýjan Zengezur koridorynyň amala aşyrylmagy üçin gerek bolan ädimler eder" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar