Azerbaýjanda Mina Saplaýyş Işleri Dowam Edýär

Ermenistanyň goşuny tarapyndan goýlan 48 müňden gowrak mina täsirsiz ýagdaýa getirildi.

1723634
Azerbaýjanda Mina Saplaýyş Işleri Dowam Edýär

Azerbaýjan, basyp alyşlykdan halas edilen ýerlerde Ermenistanyň goşuny tarapyndan goýlan 48 müňden gowrak minany täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen Garabagda we töwereklerindäki welaýatlarda geçmişde ermeni güýçleri tarapyndan goýlan minalaryň saplanmagy üçin uly tagalla edilýär.

2-nji Garabag urşundan ýagny 2020-njy ýylyň 10-njy noýabryndan 2021-nji ýylyň 15-nji oktýabryna çenli 18 müň 302 gekdarlyk meýdanda mina saplaýyş işleri geçirildi.

Mina saplaýyş işlerinde jemi 48 müňden gowrak mina we partlaýjy maddasy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Ermenistanyň basyp alyşlygy döwründe goýlan minalar sebäpli 7-i esger, 26-sy asuda ilatdan bolmak bilen jemi 33 adam şehit boldy, 139 adam hem ýaralandy.



Degişli Habarlar