Özbegistanda Prezident saýlawy geçiriler

Özbegistanyň raýatlary täze Prezidentini saýlamak üçin şu hepdäniň ýekşenbe güni saýlawa gatnaşarlar

1723613
Özbegistanda Prezident saýlawy geçiriler

35 milliondan gowrak ilatly Özbegistanda 21 million 266 müň saýlawçy, ýurt derejesinde açyljak 10 müň 760 saýlaw okrugynda täze Prezidentini saýlamak üçin ses berer. 

Kanuna laýyklykda diňe syýasy partiýalaryň Prezidentlige dalaşgär hödürläp bilýän Özbegistanda, 24-nji oktýabrda geçiriljek saýlawda Ekologiýa partiýasyndan Narzulla Oblomuradow, Halk demokrat partiýasyndan Maksuda Worisowa, Milli galkynyş demokrat partiýasyndan Alişir Kadirow, Adalat sosial demokrat partiýasyndan Bahrom Abduhalimow bilen Liberal demokrat partiýasyndan ýaňadandan dalaşgär hödürlenen ýurdyň häzirki Prezidenti Şewket Mirziýoýew özara bäsleşerler. 

Saýlawa 50-den gowrak ýurt bilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy, Yslam hyzmatdaşlyk guramasy, Türk Geňeşi we Garaşsyz Döwlet Arkalaşygyndan 1 müňe golaý synçy gatnaşar. 

Saýlawlara şeýle hem 1 müň 700-den gowrak ýerli we daşary ýurtly žurnalist gatnaşar. 

Prezidentiň 5 ýyllygyna saýlanjak Özbegistanyň kanunlaryna görä saýlawa özbek dilini gowy bilýän, 35 ýaşyndan uly we soňky 10 ýylyny dowamly Özbegistanda geçiren raýatlar dalaşgär hödürlenip bilinýär. 

2016-njy ýylyň dekabr aýynda geçirilen soňky Prezident saýlawynda 3 bäsdeşinden üstün çykyp, sesleriň 88,61 göterimini alan Şewket Mirziýoýew üstünlik gazanypdy. 



Degişli Habarlar