“Biz Türk Dünýäsiniň Gündogar Ortaýer Deňizindäki Wekili”

Ersin Tatar, “Biz Türk dünýäsiniň Gündogar Ortaýer deňizindäki wekili” diýdi.

1723709
“Biz Türk Dünýäsiniň Gündogar Ortaýer Deňizindäki Wekili”

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, DKTR-nyň Türk dünýäsiniň Gündogar Ortaýer deňizindäki wekilidigini nygtap, hem Kipr türk halkynyň geljegi we howpsyzlygy hem-de Türk dünýäsi üçin göreşýändiklerini belledi.

Tatar, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň guramagynda “Kökli geçmiş, Güýçli gelejek” temaly Türk geňeşiniň Media forumynda çykyş etdi.

Türk geňeşiniň güýçli bolmagynyň, türk dünýäsiniň jebisliginiň we bitewiliginiň ähmiýetine ünsi çeken Ersin Tatar, “Biz Türk dünýäsiniň Gündogar Ortaýer deňizindäki wekili” diýdi.

Tatar, Gündogar Ortaýer deňizinde “medeniýetleriň çaknyşygy ady astynda Kipr türk halkyny ýok etmek isleýänlere” garşy göreşýändiklerini we Türkiýäniň goldaw bermeginde barlyklaryny dowam etdirýändiklerine ünsi çekdi.



Degişli Habarlar