Ilham Aliýew Türkiýäniň Zähmet we sosial howpsuzlyk ministrini kabul etdi

Resmi sapar bilen Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine giden Türkiýäniň Zähmet we sosial howpsuzlyk ministri Wedat Bilgin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew tarapyndan kabul edildi

1721260
Ilham Aliýew Türkiýäniň Zähmet we sosial howpsuzlyk ministrini kabul etdi

Azerbaýjanyň Prezident Diwany tarapyndan berilen beýanatda, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkiýäniň Zähmet we sosial howpsuzlyk ministri Wedat Bilgini kabul edendigi habar berildi. 

Duşuşykda Wedat Bilginiň Ilham Aliýewe Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň salamyny ýetirendigi, Ilham Aliýewiň hem öz gezeginde minnetdarlyk bildirip, Wedat Bilgine Rejep Taýýip Erdogana salamyny ýetirmegini isländigi mälim edildi. 

Azerbaýjan-Türkiýe dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça üstünlikli ýagdaýda özgerýändigi bellenen duşuşykda, Wedat Bilginiň Azerbaýjana guran saparynyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň degişli guramadyr-edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösmegine goşant goşjakdygy aýan edildi. 

Duşuşykda Azerbaýjan bilen Türkiýäniň arasynda ähli ugurlar boýunça özgerýän ugurlar bilen birlikde sosial howpsuzlyk ugrunda hem berk gatnaşyklaryň bardygy aýdyldy we bu ugurda tejribe paýlanşygynyň ähmiýeti bellenilip geçildi. 

Wedat Bilgin Azerbaýjana guran saparynyň çäginde azerbaýjanly kärdeşi Sahil Babaýew bilen hem duşuşyk geçirer. 



Degişli Habarlar