Azerbaýjan Bilen Goşmaça Tebigy Gaz Ylalaşygyna Gol Çekişildi

Ylalaşyk 2025-nji ýyla çenli dowam eder

1720120
Azerbaýjan Bilen Goşmaça Tebigy Gaz Ylalaşygyna Gol Çekişildi

Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Azerbaýjan bilen 2024-nji ýylyň ahyryna çenli 11 milliard m3-lik goşmaça tebigy gaz söwdasy hakynda şertnama baglaşylandygyny beýan etdi.

Ministr Dönmez beren ýazmaça beýanatynda, Türkiýäniň goşmaça tebigy gaz isleginiň kanagatlandyrylmagy boýunça möhüm netijeleriň alynýandygyny mälim etdi.

Türkiýäniň başarjaň energetika diplomatiýasy netijesinde düýpli üpjünçilik kynçylygynyň başdan geçirilýän döwri ýeňillik bilen geçirjekdigini nygtan Dönmez: “Gyş aýlarynyň öň ýanynda artmagyna garaşylýan tebigy gaz isleginiň kanagatlandyrylmagy üçin dowam edýan gepleşiklerden oňyn netijelere garaşýarys. Tebigy gaz alýan ýurtlarymyzyn ýolbaşçylary hem Türkiýä akdyrylýan gazyň artjakdygyny beýan etdiler. Şol çäkde Azerbaýjan bilen 2024-nji ýylyň ahyryna çenli möhleti bolan we Baku-Tibilisi-Jeýhan göterijisinden akdyryljak 11 millaird m3 goşmaça tebigy gaz söwda şertnamasy bağlaşyldy” diýdi.

 



Degişli Habarlar