Azerbaýjan Hazar Deňizinde Harby Türgenleşik Geçirýär

Hazar deňiziniň Azerbaýjana degişli böleginde geçirilýän türgenleşik 13-nji oktýabra çenli dowam eder.

1718021
Azerbaýjan Hazar Deňizinde Harby Türgenleşik Geçirýär

Azerbaýjanyň Deňiz güýçler, Hazar deňizinde türgenleşige başlady.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, harby türgenleşige harby gämiler gatnaşýar.

Türgenleşik, Hazar deňiziniň energetika infstrukturasynyň goralyp saklanmagy maksady bilen geçirilýär.

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Deňiz güýçleri serkerdeliginiň ýolbaşçylaryndan harby türgenleşik hakynda maglumat aldy.

Hazar deňiziniň Azerbaýjana degişli böleginde geçirilýän türgenleşik 13-nji oktýabra çenli dowam eder.

 

 



Degişli Habarlar