Gyrgyzystan, Hindistan Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Pugtalandyrmak Isleýär

Prezident Japarow, Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmanýam Žaishankary kabul etdi.

1717912
Gyrgyzystan, Hindistan Bilen Edýän Gatnaşyklaryny Pugtalandyrmak Isleýär

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Hindistan bilen harby goranyş pudagynda edilýän gatnaşyklary ösdürmek isleýändiklerini aýtdy.

Prezident Japarow, Orta Aziýa ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde paýtagt Bişkege baran Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmanýam Žaishankary kabul etdi.

Kabul edilşikde, Gyrgyzystan bilen Hindistanyň arasynda howpsyzlyk we harby taýdan edilýän gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Japarow, “Hindistan bilen harby goranyş pudagynda edilýän gatnaşyklary ösdürmek isleýäris” diýdi.

Soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryndaky artyşa ünsi çeken Japarow “Gyrgyzystanyň energetika, oba hojalyk, lukmançylyk we syýahatçylyk ýaly ugurlarda Hindistan bilen edýän gatnaşyklaryny pugtalandyrmak isleýäris” diýip belledi.

Hindistanyň Daşary işler ministri hem hindi-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösdürilmegini isleýändiklerini nygtap, digitallaşma, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ýaly ugurlarda durmuşa geçiriljek taslamalar bilen ýakyndan gyzyklanmaga taýardyklaryny ýatlatdy.



Degişli Habarlar