Tatar: "Özygtyýaly deňligimiz kabul edilse resmi gepleşiklere başlarys" diýdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tatar, DKTR-nyň özygtyýarly deňligi we halkara derejede deň status kabul edilse resmi gepleşiklere başlap biljekdiklerini habar berdi

1711473
Tatar: "Özygtyýaly deňligimiz kabul edilse resmi gepleşiklere başlarys" diýdi

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş we Kipriň Grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen üçtaraplaýyn häsýetde duşuşyk geçirdiler. 

ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde BMG-nyň Baş merkezinde geçen duşuşykdan soň DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, Türk Öýüniň täze binasynda metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Çykyşynda: Biziň hukugymyz, özygtyýarly deňlik we ykrar edilmek. Şolar ýaly ýagdaýda öňümize garap bileris" diýip aýdan Ersin Tatar: "Häzirki wagtda etmeli zadymyz Kiprdäki türkleriň hukuklaryny goramak. Öňümizdäki ýollary maslahatlaşmak üçin her bir mümkinçiligi ulanarys" diýip habar berdi. 

Eýýäm 60 ýyl bäri gepleşiklerden netije alynyp bilinmeýänligi üçin şol bir düşünje bilen gepleşikleriň dowam etdirilip bilinmejekdigini aýdan Ersin Tatar: "Biz özygtyýaly deňlige esaslanýan bilelikde ýaşaýan iki aýry döwletiň hyzmatdaşlygy bilen bir ylalaşygyň bolup bilmegi üçin ýene-de muny hem grek tarapyna hem-de BMG-nyň Baş sekretaryna düşündirdik" diýip mälim etdi. 

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar, DKTR-nyň özygtyýarly deňligi we halkara derejede deň status kabul edilse resmi gepleşiklere başlap biljekdiklerini beýan etdi. 


Etiketkalar: #BMG , #ABŞ , #Ersin Tatar , #DKTR

Degişli Habarlar