Şentop: "FETÖ doganlyk ýurtlaryň milli howpsuzlygyna wehim salýar"

TBMM-niň Mustafa Şentop, Fetullahçy terror guramasynyň doganlyk ýurtlar başda bolmak bilen iş alyp barýan ähli ýurtlaryň milli howpsuzlygyna wehim salýandygyny beýan etdi

1711739
Şentop: "FETÖ doganlyk ýurtlaryň milli howpsuzlygyna wehim salýar"

TBMM-niň Mustafa Şentop, Gazagystanyň Türkistan şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň Parlamentar Assambleýasynyň (TÜRKPA) "Türk Dünýäsinde Parlamentleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk we gelejekden tamalar" temaly 10-njy sessiýasynda çykyş etdi. 

Halkara gatnaşyklarda parlamentleriň we parlamentarlaryň ähmiýetiniň barha artýandygyny aýdan Mustafa Şentop, TÜRKPA-nyň umumy meselelere umumy çözgütler tapylmagy üçin halkara derejede bir gurluş ýagdaýyna öwrülendigini aýan etdi. 

Çykyşynda 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda başdan geçirilen harby agdarlyşyk synanşygynyň hem üstünde durup geçen Mustafa Şentop, FETÖ-niň ýeke täk maksadynyň ýerleşen ýurtlaryny ele salmakdygyny mälim etdi. 

FETÖ-niň Türkiýeden daşary ençeme ýurtda iş alyp barandygyny ýatladan Mustafa Şentop: "Bu hyýanatçylykly guramanyň doganlyk ýurtlar başda bolmak bilen iş alyp barýan ýurtlaryň milli howpsuzlygyna wehim salýandygyny ýaňadandan belläp geçmek isleýärin" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar