Mewlüt Çawuşogly Özbegistan bilen bagly beýanat berdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Türkiýäniň Owganystan babatynda Özbegistan bilen iş salyşjakdygyny beýan etdi

1710928
Mewlüt Çawuşogly Özbegistan bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Twitterden beren beýanatynda, Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilowy, Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň nobatdan daşary maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Stambulda myhman edendiklerini mälim etdi. 

Türkiýäniň Owganystan babatynda Özbegistan bilen iş salyşjakdygyny aýdan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, iki ýurdyň Ýeňillikli söwda ylalaşygy bilen söwda kuwwadyny artdyrjakdygyny we koronawirus sanjym şahadatnamalaryny ikitaraplaýyn häsýetde ykrar etjekdigini habar berdi. 

Beýleki tarapdan Mewlüt Çawuşogly Nobel baýragynyň eýesi türk alymy Aziz Sanjaryň Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň agşamky naharynyň hormatly myhmany bolandygyny aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly Twitterden beren beýanatynda: "Türk Geňeşine agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň maslahatynyň agşamky naharynyň hormatly myhmany, iň uly arzuwy Türk Dünýäsiniň birligini görmek bolan Nobel baýragynyň eýesi türk alymy Aziz Sanjardy. Aziz Sanjar tarapyndan okalan Bilim we Türk Dünýäsiniň Milli Dikelişi temaly nutugyny uly gyzyklanma bilen diňledik" diýip habar berdi. 

 



Degişli Habarlar