Azerbaýjan Halkara Adalat Diwanynda Ermenistana Garşy Jenaýat Işini Gozgady

Halkara Adalat Diwany Azerbaýjanyň Ermenistana garşy “Diskrminasiýanyň ähli görnüşiniň ortadan aýrylmagy hakyndaky Halkara konwensiýasynyň kadalarynyň bozulmagy” sebäpli jenaýat işini gozgandygyny beýan etdi.

1710044
Azerbaýjan Halkara Adalat Diwanynda Ermenistana Garşy Jenaýat Işini Gozgady

BMG-ne tabynlykdaky kazyýet organy bolan Adalat Diwanyndan berilen ýazmaça beýannamada Azerbaýjanyň Ermenistana garşy diskrminasiýanyň öňüniň alynmagy hakynda halkara konwensiýanyň kadalaryny bozandygy sebäpli jenaýat işini gozgandygy we Diwandan wagtlaýyn çareler görmegini talap edendigi habar berildi.

Beýannamada Azerbaýjanyň, Ermenistanyň azerbaýjanlylara “millet we etniki gelip çykyş” sebäpli diskrminasiýa edendigi hakyndaky aýyplamalaryna orun berilýär.

Ermenistanyň gönüden ýa-da aýlawly görnüşde Azerbaýjan türklerine garşy “etniki saplaýyş” edendigi hem-de döwletiň in ýokary derejesinden başlap rasist we ýigrenç diskurslar edendigi nygtalýar.

Beýannamada, Azerbaýjanyň aýyplamalarynyň hatarynda Daglyk Garabagyň halas ediliş tapgyrynda Ermenistanyň azerbaýjanlylary ýaňadandan nyşana alandygy we “etniki ýigrenje esaslanýan rehimsiz çemeleşendigine” orun berilýär.

Azerbaýjanyň, Ermenistanyň azerbaýjanlylaryň etniki saplaýyşyny we medeniýetlerinin ýok edilmegini maksat edinýän syýasatlarynyň “Diskrminasiýanyň ähli görnüşiniň ortadan aýrylmagy hakyndaky Halkara konwensiýanyň” durnukly bozulmagyndan ybaratdygyny öňe sürýändigi we şol çäkde jenaýat işini gozgandygy habar berildi.

Diwan geçen hepde Ermenistanyň Azerbaýjana garşy adybir konwensiýanyň düzgünleriniň bozulmagy sebäpli jebaýat işini gozgandygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar