Tatar: Erdogan Biziň Sesimiz we Güýjümiz

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar Prezident R.T.Erdoganyň özleriniň güýji we sesi bolandygyny aýtdy

1709254
Tatar: Erdogan Biziň Sesimiz we Güýjümiz

Tatar beren ýazmaça beýannamasynda BMG-niň 76-njy Sessiýasynyň birinji gününde gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş eden Prezident Erdoganyň Kipr meselesinde möhüm beýannama berendigini nygtady.

Erdoganyň Kipr meselesinde adalatly, durnukly, birsydyrgyn çözgüdiň diňe netijä esaslanýan hakykatçyl çemeleşme bilen tapyljakdygyny beýan edendigini ýatladan Tatar, BMG tarapyndan deň derejeli kabul edilýän adadaky iki halkdan biriniň BMG-ne ýüzlenýändigini, beýleki halkyň liderine şol platformada orun berilmezliginiň adalatly bolmandygyny aýdandygyny hem ýatlatdy.

Tatar Erdoganyň çözgüt üçin Kipriň türk halkynyň özygtyýarly deňligiň we deň derejeli halkara hukuk derejesiniň tassyklanmalydygyny we Kipriň türk halkynyň beýan eden täze çözgüt garaýyşyny goldaýandygy hakyndaky beýanaty barada durup geçdi.

Prezident Tatar, Kipriň iki deň derejeli eýesinden biri bolan we Kipr meselesine tarap bolup durýan Kipriň türk halkynyň BMG-niň başda durmagynda halkara arenada laýyk bolan deň derejeli söz hukugyna sarpa goýulmagyna garaşýandygyny nygtady we “Hormatly Prezidnet Erdogan halkara jemgyýetçiligine bu meselede çagyryş edip, biziň sesimiz we güýjümiz boldy. Sagbolsun aýdýarys” diýdi.

Kiprde öz hukuklaryndan artygyny islemeýändiklerini nygtan Tatar, Erdoganyň hem nygtaýşy ýaly özygtyýarly deňlik we deň halkara hukuk derejesiniň berilme talabyna halkara jemgyýetçiliginiň açyk pikirlilik bilen çemeşmegini we Kiprde 1963-64-nji ýyllardan soň bozulan deňagramlylygyň ýaňadandan ýola goýulmagyny goldamaklaryna garaşýandyklaryny beýan etdi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar