TÜRKPA-nyň 10-njy Sessiýasy Türkistanda Geçiriler

Türki dilli döwletleriň Parlamentar Assambleýasynyň (TÜRKPA) 10-njy sessiýasy sentýabr aýynyň 27-28-i aralygynda Gazagysatanyň Türkistan şäherinde geçiriler

1706843
TÜRKPA-nyň 10-njy Sessiýasy Türkistanda Geçiriler

Gazagystanyň Mejlisiniň Başlygy Nurlan Nigmatullin TURKPA-nyň Baş sekretary Altynbek Mamaýusupowy kabul etdi.

Duşuşykda sentýabr aýynyň 27-28-i aralygynda Gazagystanyň Türkistan şäherinde geçiriljek TÜKPA-nyň 10-njy sessiýasyna görülýän taýarlyklar ara alynyp maslahatlaşyld.

Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň we Türkiýäniň mejlislerinin başlyklarynyň gatnaşmagyndaky we Özbegistanyň çagyrylan maslahatynda TÜRKPA-nyň 10 ýyllyk işi seljeriler hem-de assambleýanyň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin täze maksatlar kesgitlener.

Gazagysatanyň esaslandyryjy Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň öňbaşçygylygynda döredilen TÜRKPA Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzstan we Türkiýe doly agza, Wengriýa bolsa synçy agza bolup durýar.



Degişli Habarlar