Özbegistanda "Türk Dünýäsiniň Medeni paýtagty" dabarasy geçirildi

Özbegistanda "Türk Dünýäsiniň Medeni paýtagty" dabarasy geçirildi

1706560
Özbegistanda "Türk Dünýäsiniň Medeni paýtagty" dabarasy geçirildi

TÜRKSOÝ guramasy tarapyndan yglan edilen "Hywa-2020 Türk Dünýäsiniň Medeni paýtagty" atly çäre Özbegistanyň gadymy Hywa şäherinde geçirildi. 

Geçen ýyl koronawirus epidemiýasy sebäpli yza süýşürilen  "Hywa-2020 Türk Dünýäsiniň Medeni paýtagty" çäresiniň açylyş dabarasyna 500-e golaý sungat işgäriniň gatnaşmagynda Özbegistanyň Hywa şäheriniň çäginde ýerleşýän Iç Gala diýilýän ýerde geçirildi. 

Çäräniň çäginde TÜRKSOÝ tarapyndan gurnalan Türk Dünýäsiniň Medeni paýtagty atly surat sergisiniň açylyşy geçirildi. 

Çäräniň çäginde mundan başgada Özbegistanyň milli motiwlerini suratlandyrýan döredijilikli moda görkezilişi boldy. 

Çärä gatnaşan sungat işgärleri Özbegistanyň biri-birinden tapawutly aýdym-saz we tans çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Dabarada şeýle hem Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Türkmenistan we Wengriýa ýaly tapawutly geografiýalardan getirilen nusgalar sergilendi. 



Degişli Habarlar