Özbegistan ýurda sygynan owgan esgerleri başga bir ýurda ugratdy

Özbegistan, Talibanyň Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden soň, Özbegistanyň topraklaryna sygynan owgan esgerleriň we raýatlaryň ýurtdan çykandygyny habar berdi

1706374
Özbegistan ýurda sygynan owgan esgerleri başga bir ýurda ugratdy

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, geçen aý Owganystanda häkimiýetiň başa geçmeginden soň, Talibandan gaçyp bikanun ýollar bilen Özbegistana geçen, aralarynda esgerler hem bolan owgan raýatlaryň soňky 2 günde ýurdy terk edendigi we başga bir ýurda gidendigi mälim edildi. 

Geçen aý Talibanyň Owganystanda häkimiýetiň başyna geçmeginden soň köp sanda owgan raýat bilen aralarynda harby uçarmanlar hem bolan 585 owgan harby, bikanun ýollar bilen Özbegistana geçipdi. 


Etiketkalar: #esger , #owgan , #Özbegistan

Degişli Habarlar