“Üç Dogan 2021” Türgenleşigi Başlady

Türkiýe, Azerbaýjan we Pakistan Bakuda harby türgenleşik geçirýär

1705702
“Üç Dogan 2021” Türgenleşigi Başlady

 Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Pakistanyň ýöriteleşdirilen harby toparlarynyň gatnaşmagynda Bakuda umumy harby türgenleşik başlady.

Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Pakistanyň ýöriteleşdirilen harby toparlarynyň gatnaşmagynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde umumy harby türgenleşik başlady. “Üç Dogan 2021” diýip atlandyrylan harby türgenleşikden ozal geçirilen dabarada 3 ýurdyň milli senalary ýerine ýetirildi, baýdaklar galdyryldy.

Azerbaýjanyň Ýöriteleşdirilen harby goşunlarynyň serkerdesi general-leýtenant Hikmet Mirzäýew, dabarada eden çykyşynda, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Pakistanyň ýakyn dostlukly we doganlyk ýurtlardygyny, bu gatnaşyklaryň merkezinde üç ýurdyň halklarynyň ýakynlygynyň durýandygyny beýan etdi.

Mirzeýew, Azerbaýjanyň 2020-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda Ermenistanyň Ýaragly güýçlerine garşy başladan 44 günlük söweşiniň ilkinji günlerinden başlap Türkiýäniň we Pakistanyň görkezen jebisliginiň we beren goldawynyň onuň aýdyň subutnamasydygyny habar berdi.

Üç ýurdyň gatnaşyklaryny has hem güýçlendirmek we ösdürmek üçin möhüm ädimler edendigini aýdan Mirzeýew, “Üç Dogan 2021” harby türgenleşiginiň üç ýurdyň harbylarynyň arasynda giň-gerimli tejribe edinmeklerine, pikir alyşmaklaryna we tejribelerini has hem özgertmeklerine uly goşant goşjakdygyna ynanýandygyny belledi.

“Üç Dogan 2021” harby türgenleşigi 20-nji sentýabra çenli dowam eder.

 



Degişli Habarlar