Gazagystanda Kowid-19-a garşy girizilen öňüni alyş çäreler gowşadylar

Gazagystanyň hökümeti Kowid-19-a garşy girizilen öňüni alyş çäreleriň gowşadylmagy barada karar kabul etdi

1705800
Gazagystanda Kowid-19-a garşy girizilen öňüni alyş çäreler gowşadylar

Gazagystanyň hökümeti koronawirus epidemiýasyna garşy ozal girizilen öňüni alyş çäreleriň gowşadylmagy barada karar kabul etdi. Gazagystanyň Baş sanitar lukmany Ýerlan Kiýasow tarapyndan gol çekilen kararnama görä, ýurtda şu günden başlap maslahatlaryň geçirilmegine, hepdäniň ahyrynda köpçülikleýin transport serişdeleriniň işledilmegine, milli ýygyndylaryň we sport klublarynyň türgenleşik geçirmeklerine rugsat berilýär.

Kararnama laýyklykda ýurt derejesinde juma namazlary metjitleriň howlusynda köpçülikleýin ýagdaýda okalyp biliner. Beýleki tarapdan koronawirus epidemiýasyna garşy sanjym etdirmedik adamlaryň hepdäniň ahyrynda söwda merkezlerine we şüweleň ýerlerine kabul edilmezligi baradaky karar dowam eder. Kowid-19-a garşy sanjymyň 2 dozasyny etdirenleriň sanynyň 6 milliona golaýlan Gazagystanda soňky 24 sagatda 3 müň 959 adama koronawirusa ýolukdy.



Degişli Habarlar