Rus kazyýetinde Jelalyň tussaglykda kazyýet işiniň dowam etdirilmegi barada karar kabul edildi
Russiýanyň kazyýetinde Neriman Jelalyň tussaglykda kazyýet işiniň dowam etdirilmegi barada karar kabul edildi
Russiýanyň bikanun ýagdaýda anneksiýa eden Krymda Krym tatar milli mejlisiniň başlygynyň orunbasary Neriman Jelal 4-nji noýabra çenli tussaglykda saklanar.
Krym raýdaşlyk platformasynyň Facebook hasabyndan berilen beýanatda, Akmesjit şäherindäki Kiýewskiý etrap kazyýeti Nerman Jelalyň 4-nji noýabra çenli tussaglykda saklanmagy barada karar kabul etdi.
Kazyýet gorag tarapynyň öý tussaglygynda saklanmagy baradaky talabyny ret etdi.
Neriman Jelal, sabotaž etmek aýyplamasy bilen günäkärlenip 12 bilen 15 ýyl aralygynda azatlykdan mahrum edilmek jezasy bilen kazyýet işi dowam edýär.
Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar Twitterden beren beýanatynda, Krym platformasyna goldaw beren Ukrain raýatlaryna ezýet berilýändigini habar berdi.
Ukrainanyň raýatlaryna galp jeza delolary bilen kazyýet işleriniň gozgalýandygyny aýdan Emine Jeppar: "Russiýanyň basyp alyjy resmileri, Krymyň anneksiýasyna garşy bolanlar üçin syýasy häsýetli giňişleýin ezýet bermek ulgamyny emele getirdi" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar
Gazagystanda Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.