Russiýanyň Krymda tatar türklerini göz tussaglygyna almagyna garşy reaksiýalar bildirilýär

Russiýanyň bikanun ýagdaýda anneksiýa eden Krymda krym tatar türklerini göz tussaglygyna almagyna garşy reaksiýalar bildirilmäge dowam edilýär

1702889
Russiýanyň Krymda tatar türklerini göz tussaglygyna almagyna garşy reaksiýalar bildirilýär

Aralarynda Krym tatar mejlisiniň başlygynyň orunbasary Nariman Jelal hem bolan 5 krym tatar türküniň göz tussaglygyna alynmagy Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherinde protest edildi. 

Russiýanyň Kiýew şäherindäki ilçihananyň öňünde geçirilen proteste Krym tatar milli mejlisiniň başlygy Ryfat Çubarow, Ukrainanyň deputaty Ahtem Çöýgöz we köp sanda adam gatnaşdy. 

Demonstrantlar egindeşleri azat bolýança çenli göreşlerini dowam etdirjekdiklerini beýan etdiler. 


Etiketkalar: #Krym , #Russiýa , #Ukraina , #Krym tatar

Degişli Habarlar