Prezident Erdogan Özbek Kärdeşini Garaşsyzlyk Baýramy Bilen Gutlady

Prezident Erdogan, Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1701113
Prezident Erdogan Özbek Kärdeşini Garaşsyzlyk Baýramy Bilen Gutlady

Prezident R. T. Erdogan, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, iki lider telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Özbegistan gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy bilen birlikde sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde Özbegistanynyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny hem gutlady.

Özbegistanyň garaşsyzlygyny ilkinji hatarynda ykrar edendikleri we Daşkentde ilkinji ilçihanalardan birini açandyklary üçin buýsanýandyklaryny aýdan Erdogan, şu ýyl mundan başgada iki ýurduň arasynda Ebedi Dostluk we hyzmatdaşlyk şertnamasynyň baglaşylmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilip geçilýändigini nygtady.

Prezident Erdogan, Özbegistanyň Prezidenti Mirziýoýew bilen arasyndaky dostluga we halklaryň arasyndaky doganlyga esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyndan hoşaldygyny belledi.



Degişli Habarlar