Azerbaýjanda Mina Saplaýyş Işleri Dowam Edýär

Hünärmenler 10 aýdan bäri, Daglyk Garabagda basyp alyşlyk ýyllarynda ermeniler tarapyndan goýlan minalary ýeke-ýekeden täsirsiz ýagdaýa getirýär.

1700937
Azerbaýjanda Mina Saplaýyş Işleri Dowam Edýär

Azerbaýjanyň Ermenistanyň basyp alyşlygyndan halas edilen şäherlerinde mina saplaýyş işleri dowam edýär.

Hünärmenler 10 aýdan bäri, Daglyk Garabagda basyp alyşlyk ýyllarynda ermeniler tarapyndan goýlan minalary ýeke-ýekeden täsirsiz ýagdaýa getirýär.

Azerbaýjanyň hökümeti, Türkiýäniň goldaw bermeginde Fuzuli, Jebrail, Agdam, Kelbejer we Hojawend ýaly şäherleriň minalardan saplanmagy we şäherlerde durmuşyň ýaňadandan howpsyz ýagdaýda başlamagy üçin uly tagalla edýär.

Mina saplaýyş işleri hakynda maglumat beren Azerbaýjanyň Milli mina saplaýyş gullugynyň hünärmenlerinden Asadow Natyk, Jebrail-Fuzuli ýolunyň minalardan saplanmagy işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini aýtdy.

Natyk, ady agzalýan ýolda üç bölüm ýagdaýynda mina saplaýyş işleriniň geçirilýändigini belledi.



Degişli Habarlar