Gazagystanyň täze Goranmak ministri Murat Bektanow boldy

Gazagystanyň ozalky Goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýewiň wezipesinden çekilmeginden soň, ýurdyň täze Goranmak ministri Murat Bektanow boldy

1700201
Gazagystanyň täze Goranmak ministri Murat Bektanow boldy

Ýurdyň ozalky Goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýew 26-njy awgustda Jambul welaýatynyň Baýzakow etrabyndaky ok-däri ammarynda bolan partlamadan soň sebitde gözegçiligiň ele alynmagyndan soň wezipesinden çekilmäge taýardygyny habar beripdi. 

Ýurdyň ozalky Goranmak ministri Nurlan Ýermekbaýew şu gün wezipesinden çekilipdi. 

Nurlan Ýermekbaýewiň wezipesinden çekilmeginden soň Prezident Kasym Jomart Tokaýewiň kararyna laýyklykda Baş Ştabyň başlygy wezipesinde bolan Murat Bektanow, ýurdyň Goranmak ministri wezipesine bellendi. 

Resmi çeşmelere görä ok-däri ammarynda yzly-yzyna bolan partlamalarda harby işgärlerden we halas ediş toparlaryndan jemi 15 adam ýogalypdy, aglabasy ýangyn söndüriji we halas ediş toparyndan bolan jemi 90 adam bolsa ýaralanypdy. 



Degişli Habarlar