Gazagystanda Ok-Däri Ammarynda Bolan Palamada Ýogalanlaryň Sany 9 Adama Ýetdi

Wakada 90 adamyň ýaralanandygy, 4 adamyň bolsa dereksiz ýitendigi habar berildi

1698462
Gazagystanda Ok-Däri Ammarynda Bolan Palamada Ýogalanlaryň Sany 9 Adama Ýetdi

Gazagystanyň Jambyl welaýatynyň Baýzakow etrabynda ýerleşýän harby birleşmäniň ok-däri ammarynda düýn blan partlamalaryň netijesinde pida bolanlaryň sany 9 adama ýetdi.

Golaýda ýerleşýän obalaryň ýaşaýjylary başga ýerlere göçürildi.

Etrap keselhanasynyň ýolbaşçylary ýaralananlaryň esasy böleginiň ilkinji bejergiden soň öýlerine ugradylandygyny, 6 sansy agyr 28 ýaralynyň hassahanada bejergi alýandygyny habar berdiler.

Partlamanyň bolan ýeriniň ýaşaýjylarynyň öýlerine dolanmağa balandygy mälim edildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýewe duýgudaşlyk ýüzlenmesini ugradyp; “Adam pidalaryna sebäp bolan partlama habary mende uly gynanç döretdi. Gyrgyz halkynyň we öz adymdan aradan çykanlara rehmet, hossarlaryna duýgudaşlyk bildirýärin” diýdi.

Ýangynyň ammardaky partlaýyjylar sebäpli ýüze çykandygy beýan edilýän bolsa, polis sabbotaž ýaly ähtimallyklary hem derňeýär.



Degişli Habarlar