Russiýanyň Krym Tatar türklerine garşy basyşy dowam edýär

Russiýanyň Howpsuzlyk güýçleri Krymda öýlerine operasiýa guran 5 Krym tatar türk raýatyny göz tussaglygyna aldy

1692749
Russiýanyň Krym Tatar türklerine garşy basyşy dowam edýär

Krym Raýdaşlyk platformasyndan berilen beýanatda, ýerli wagt bilen sagat 05:00-da öýlerine garşy operasiýa guralan 5 Krym Tatar raýatynyň Russiýanyň Howpsuzlyk güýçleri tarapyndan göz tussaglygyna alynandygy habar berildi. 

Ukrainanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Emine Jeppar, Twitterden beren beýanatynda: "Krymdaky rus basyp alyjylaryň gorkuzmak we ezýet bermek syýasaty dowam edýär" diýip mälim etdi. 

Şu gün irden Krym tatar raýatlarynyň öýlerine garşy basyş maksatly operasiýalaryň guralandygyny aýdan Jeppar, azyndan 5 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny belläp, olaryň Rüstem Tairow, Jebbar Bekirow, Zaur Abdullaýew, Raif Fewziyef we Rüstem Murasow ýaly raýatlardan ybaratdygyny aýan etdi. 

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, Russiýanyň Howpsuzlyk güýçleriniň Krym tatarlarynyň öýlerine garşy guralan basyş maksatly operasiýalaryna reaksiýa bildirdi. 

Zelenskiý Twitterden beren beýanatynda, Russiýanyň ýene-de bir gezek Krymda adam hukuklarynyň düzgünini bozandygyny beýan etdi. 

Şu gün irden Krym tatarlarynyň öýlerine basyş maksatly operasiýalaryň guralandygyny we käbir adamlaryň göz tussaglygyna alynandygyny ýatladan Zelenskiý, bu kabul edilmejek ezýetleriň iň gysga wagtda bes edilmeginiň gerekdigini we göz tussaglygyna alynan adamlaryň azat edilmelidigini aýan etdi. 

Zelenskiý halkara jemgyýete Russiýa tarapyndan edilýän adam hukuklarynyň düzgün bozmalaryna reaksiýa bildirmäge çagyrdy. 


Etiketkalar: #Ukraina , #Krym , #Russiýa , #Krym tatar

Degişli Habarlar