Mewlüt Çawuşogly azerbaýjanly kärdeşi Baýramow bilen gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy

1686519
Mewlüt Çawuşogly azerbaýjanly kärdeşi Baýramow bilen gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden alynan maglumata görä, Mewlüt Çawuşogly Jeýhun Baýramow bilen geçiren telefon arkaly gürrüňdeşliginde Türkiýede dowam edýän ýangynlaryň soňky ýagdaýyny maslahatlaşdy. 

Beýleki tarapdan Jeýhun Baýramow telefon gürrüňdeşligi bilen bagly Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Azerbaýjanyň hemişe Türkiýäniň ýanyndadygyny we bu kyn günlerde Türkiýä her dürli kömek bermäge taýardygyny habar berdi. 

Mewlüt Çawuşogly hem Jeýhun Baýramowyň beýanatyndan soň beren beýanatynda, Azerbaýjana berýän goldawy sebäpli minnetdarlyk bildirdi we Azerbaýjanyň hemişe Türkiýäniň ýanyndadygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar