Ermeni Esgerleri Azerbaýjanyň Pozisiýalaryna Od Açdy
Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi ermeni esgerleriniň Azerbaýjanyň harby pozisiýalaryna hüjüm edendigini habar berdi
1686662
Ministrlikden berilen beýannamada düýn Ermenistanyň Wedi welaýatynyň Arazdeýen obasynyň golaýyndaky pozisiýalaryndan Nahiçewanyň Sederek şäheriniň Haýdarabat ilatly zolagynda ýerleşýän harby pozisiýalara ýerli wagt boýunça 23:00-dan 23:50-ä çenli od açylandygy habar berildi.
Beýannamada Belbejeriň İstisu obasyndaky pozisiýalara hem Ermenistanyň Basargeçer etrabynyň Ýokary Zagaly obasyndan hüjüm edilendigi aýdylýar.
Beýannamada gaýtawul görkezilmegi netijesinde hüjümleriň bes edilendigi, Azerbaýjan esgerleriniň gözegçiligi elden bermeýändigi we hiç hili adam pidasynyň bolmandygy nygtalýar.
Degişli Habarlar
Gazagystanda Sil Apaty Sebäpli 5 Adam Ýogaldy
Abaý welaýatynda ýiten 2 adamyň tapylmagy üçin gözleg işleri dowam edýär.