Türki Dilli Döwletlerde Pandemiýa

Ýokanjyň Artmagy Aladalandyrýar

1684103
Türki Dilli Döwletlerde Pandemiýa

Koronawirus ýokanjyna garşy göreş türki dilli döwletlerdede dowam edýär.

Özbegistanda soňky bir ýylyň iň ýokary keselli sanlary görülýär.

Ýurtda soňky 24 sagatda ýene-de 889 adamda koronawirusyň ýokaşandygy anyklandy.

Gyrgyzystanda bolsa ýene-de 897 adamyň wirusa ýolukmagy sebäpli ýurtdaky jemi wirusa ýoluganlaryň sany 163,846 adama ýetdi.

Gazagystanda ýene-de 7,803 adama koronawirusyň ýokaşmagy bilen ýurtda ýokanç bilen mesellänleriň sany 580,379 adama ýetdi.

Ýokanjyň artmagy sebäpli Gazagystanyň ähli etraplary “Gyzyl zolak” toparyna degişli.

Ýokanja ýolukýanlaryň sany Azerbaýjanda hem artýar.

Ýurtda soňky 24 sagatda 671 adamyň wirusa ýolugandygy anyklandy.

 

 



Degişli Habarlar