Özbegistanda Prezident Saýlawlary Geçiriler

2021-nji ýylyň 24-nji Oktýabrynda Ses Beriler

1682813
Özbegistanda Prezident Saýlawlary Geçiriler

Özbegistanda 2021-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Prezident saýlawlary geçiriler.

Ýurtda saýlaw kampaniýalary başlady.

Saýlawlar ýurtda we Özbegistanyň Daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda geçiriler.

Ýurtdaky soňky Prezident saýlawlary 2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilip, Özbegistanyň Liberal demokrat partiýasyndan dalaşgärlige hödürlenen Şawkot Mirziýoýew Prezidentlige saýlanypdy.

 

 



Degişli Habarlar