DKTR: "Maraş berilmez" diýdi

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidentligi: "Ýapyk Maraş hiç bir karar bilen başga bir dolanşyga berilmez" diýip habar berdi

1681908
DKTR: "Maraş berilmez" diýdi

DKTR-nyň Prezidentligi tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, DKTR-nyň Ministrler kabinetiniň 2019-njy ýylda kabul eden karary bilen ýapyk Maraşyň açylmagy bilen bagly ilkinji syýasatyň kesgitlenendigi we işleriň başladylandygy ýatladyldy. 

Beýanatda: "DKTR-nyň territoriýasy bolan ýapyk Maraş, Kipr meselesiniň tussagy bolmakdan çykyp, ýaşaýyşyň bir bölegi ýagdaýyna öwrüler. Ýapyk Maraş hiç bir karar bilen başga bir dolanşyga berilmez. DKTR-nyň hiç kimiň hakynda ýa-da hukugynda gözi ýokdyr, gaýtam tersine, Maraş kararymyzdan hem göz ýetirip bolşy ýaly, eýýäm ençeme ýyl bäri garaşýan eýelerine şol hukuklaryny bermek ugrundaky syýasat bilen alynyp barylýar" diýip bellendi.

Ýewropa Bileleşiginiň Kipr adasy bilen baglanşykly pozisiýasynyň, Kipriň Grek zolagynyň syýasatynyň we aýdýanlarynyň gaýtalanmagyndan ybaratdygyna göz ýetirilendigi bellenen beýanatda: "Kiprde adalatly we hemişelik ylalaşyk, diňe taraplaryň ikisiniň hem azat ygtyýary bilen umumy çarçuwaly ylalaşyklardan soň, geçiriljek gepleşikler arkaly ýola goýulyp biliner. Şol çäkde iki tarapyň deňiligi möhüm ähmiýete eýe. Çözgüt diňe iki tarapyň umumy ylalaşygy bilen bolar. ÝB bilen birlikde degişli ähli taraplar bu esasy göz öňünde tutmaly we şol çäkde beýanatlar bermelidirler" diýip aýan edildi.


Etiketkalar: #ÝB , #Maraş , #DKTR

Degişli Habarlar