Ilham Aliýew Ankara şäherine täze ilçi belledi

Ilham Aliýew, başga bir kararnama bilen bolsa 2017-nji ýylda Ankara şäherine ilçi edip bellän Hazar Ibrahimi merkeze geçirdi

1680393
Ilham Aliýew Ankara şäherine täze ilçi belledi

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Reşat Memmedowy Azerbaýjanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hökmünde belledi. 

Azerbaýjanyň Prezidentliginiň resmi internet saýtynda çap edilen kararnama laýyklykda, ozal Gazagystanyň paýtagty Nur Soltan şäherinde ilçi wezipesini ýerine ýetiren Reşat Memmedow, Azerbaýjanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hökmünde bellendi. 

Ilham Aliýew, başga bir kararnama bilen bolsa 2017-nji ýylda Ankara şäherine ilçi edip bellän Hazar Ibrahimi merkeze geçirdi. 



Degişli Habarlar