Azerbaýjan Türkiýä gynanç bildirdi

Şehit bolan esgerlere Alladan rehnet dilän Hasanow, ýaralanan esgerleriň bolsa tiz wagtda sagalmagyny diledi

1679818
Azerbaýjan Türkiýä gynanç bildirdi

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, Ýewfrat galkany sebitinde terrorçylar tarapyndan Kirpi atly sowutly ulaga garşy guralan hüjümde şehit bolan esgerler zerarly Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akara we Baş ştabyň başlygy Ýaşar Gülere gynanç bildirdi. 

Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanow, gynanç ýüzlenmesinde: "Terrora garşy operasiýalaryň geçirilýän Ýewfrat Galkany sebitinde doganlyk Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine garşy hyýanatçylyk bilen guralan hüjümiň netijesinde şöhratly Türk goşunynyň esgerleriniň şehit bolandygy we ýaralanandygy baradaky habar meni örän gynandyrdy" diýip belledi. 

Şehit bolan esgerlere Alladan rehnet dilän Hasanow, ýaralanan esgerleriň bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny diledi. 



Degişli Habarlar