Gazagystan Wirusyň Ýaýramagyna Garşy Gyssagly Çäre Görýär

Täze görnüş koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň artmagy sebäpli Gazagystanyň hökümeti gyssagly çäreler görýär

1677661
Gazagystan Wirusyň Ýaýramagyna Garşy Gyssagly Çäre Görýär

Prezident Kassym-Žomart Tokaýew hökümetiň agzalary we welaýat häkimleri bilen epidemologik şertler hakynda maslahat geçirdi.

Tokaýew maslahatda sözlän sözünde soňky günlerde koronawirusa ýolukýanlaryň sanynyň ýokarlap, 5 müňden geçendigini aýtdy.

Agyr hassa sanynyň artandygyna ünsi çeken Tokaýew; “Onuň iňňan aladalandyryjydygyny aç-açan beýan edeliň” diýdi.

Prezident Tokaýew ýurtda epidemologik ýagdaýyň gowy däldigine ünsi çekip, degişli çäreleriň görülmegi üçin hökümete gyssagly işe girişmek boýunça görkezme berdi.

Görkezmä laýyklykda hökümet ilkinji nobatda sanjymlamada yzda galan etraplarda göçme toparlar döreder. Sanjyma garşy durýanlaryň sosiologik häsýetnamalary taýarlanar. Söwda merkezlerinde, kafelerde we restoranlarda degişli çäreler görüler. Sentýabr aýynda öndürilmäge başlanjak ýerli “QazWak” sanjymynyň daşary ýurtlara tanyşdyrlyş çäreleri giňeldiler.

Saglygy goraýyş ministrliginiň görkezijilerine görä soňky 24 sagatda ýene-de 5,317 adama koronawirusyň ýokaşandygy habar berildi.



Degişli Habarlar