TİKA Azerbaýjanda Ýene-de Bir Taslamany Iş Ýüzüne Geçirdi

TİKA-nyň Başlygy Serkaý Kaýalar bolsa täze hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi

1673138
TİKA Azerbaýjanda Ýene-de Bir Taslamany Iş Ýüzüne Geçirdi
tika serdar cam bosna hersek.jpg
tika azerbaycan egitim binasi.jpg

Paýtagt Bakuwda Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TİKA-nyň Başlygy Serkan Kaýalaryň gatnaşmagynda Azerbaýjanyň Migrasiýa hyzmatlarynyň tälim binasy açyldy.

Hyzmatlar tolumynda ýerleşýän we daşary ýurtlularyň kabul edilmegi üçin peýdalanylýan binanyň abatlaýyş we enjamlaşdyryş işleri TİKA tarapyndan ýerine ýetirildi. Mümkinçiligi giňeldilen we durky täzelenen tälim merkezi kompýuter we elektron enjamlar bilen üpjün edildi.

TİKA-nyň Başlygy Serkaý Kaýalar täze hyzmatdaşlyk ugurlary boýunça ylalaşandyklaryny beýan etdi.

Bakuwda ýerleşýän merkez 30-dan gowrak gatnaşyjynyň şol bir wagtda tämim almagyna şert döreder.

Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Serdar Çam bolsa Srebrenisa gyrgynçylygynyň gurbanlaryny hatyralamak üçin Bosniýa-Gersegowina guraýan spaarynyň çäginde TİKA tarapyndan abatlanan Saraýewo uniwersitetinin Binagärlik fakultetiniň kitaphanasyny açdy.



Degişli Habarlar