Hazar deňizinde partlama boldy

Hazar deňiziniň Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine ýakyn böleginde partlama boldy

1669783
Hazar deňizinde partlama boldy

Baku şäherinden göz bilen görüp boljak derejede ýakyn ýerde bolan partlama sosial media saýtlarynda paýlaşyldy. 

Ençeme metr beýiklige galan alawlar gijäni ýagtyltdy. Partlamanyň näme sebäpli bolandygy we anyk nirede bolandygy bilen bagly entek resmi beýanat berilmedi. 

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kärhanasynyň metbugat sekretary Ibrahim Ahmedow, kärhana degişli hiç hili platformada ýa-da senagat zolagynda partlamanyň bolmandygyny habar berdi. 

Energetika pudagynyň resmileri partlamanyň Umyt gaz meýdançasyndaky tankerleriň birinde bolandygyny beýan etdiler. 



Degişli Habarlar