Ermenistan 54,300 Gekdar Tokaý Meýdanyny Ýok Etdi
Bu barasynda Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow beýannama berdi
Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow Ermenistanyň bir wagtlar basyp alan Azerbaýjana degişli ýerlerine uly ekologik zyýan ýetirendigini we 54,300 gekdar tokaý meýdanyny ýok edendigini aýtdy.
Ministr Baýramow Azerbaýjanda resmi saparda bolýan Gyrgyzstanyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda Ermenistandan halas edilen ýerler hakynda maglumat berdi.
Azerbaýjan döwletiniň esasy borjunyň halas edilen ýerleri abadanlaşdyryp, bosgunlaryň ýurtlaryna dolanmagyny üpjün etmekden ybaratdygyny beýan eden Baýramow, iň esasy meseläniň sebitdäki mina howpydygyny nygtady.
Baýramow Ermenistanyň basyp alan döwründe sebiti hamala diýersiňiz minalar bilen zäherländigini, söweşden soň 7 aýda 28 Azerbaýjan raýatynyň minalaryň ýarylmagy sebäpli aradan çykandygyny, 120-den gowrak adamyň ýaralandngyny beýan etdi.
Ermenistanyň dürli bahanalar bilen mina kartasyny bermeýändigini aýdan Baýramow: “Halkara töwellaçylaryň tagallasy bilen Agdam şäheriniň mina kartasyny berdiler. Berilen maglumata görä diňe Agdamda 97 müňden gowrak mina bar” diýdi.