Özbegistana Tölegsiz Geçiş Kwotasy 60 Göterim Artdyryldy

Bu karar Türkiýe-Özbegistan Guryýer gatnawy boýunça bilelikdäki toparyň maslahatynda kabul edildi

1668764
Özbegistana Tölegsiz Geçiş Kwotasy 60 Göterim Artdyryldy

Ulaglar we infrastruktura ministrligi ýük gatnadyjylar üçin Özbegistana tölegsiz geçiş rugsatnamalarynyň kwotasynyň 60 göterim artdyrylyp, 16 müňe ýetirilendigini habar berdi

Ministrlikden berilen ýazmaça beýannama görä Türkiýe-Özbegistan Guryýer gatnawy boýunça bilelikdäki toparyň maslahaty iýun aýynyň 30-y bilen iýul aýynyň 1-i aralygynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirildi.

Maslahatda geçirilen geňeşmelerde jemi geçiş resminamalarynyň kwotasy 37 müňden 38 müňe göterildi.

Maslahatda 10 müň sany tölegsiz resminamanyň mukdary bolsa 60 göterim ýokarlandyrylyp, 16 müňe ýetirildi. Şeýlelikde Özbegistan bilen edilýän ýük gatnawynda halkara gara ýoly gatnawy pudagyna her sapar üçin 400 Amerikan dollary, jemi 2,4 million dollar tygşytlanar.



Degişli Habarlar