Ersin Tatar, Antoniu Guterriş Bilen Duşuşdy

BMG-nyň Brýusseldäki merkezinde bolan duşuşyk ýarym sagat dowam etdi.

1664836
Ersin Tatar, Antoniu Guterriş Bilen Duşuşdy

Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tatar, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň myhmany hökmünde Brýusele gitdi.

DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatar şu gün BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.

BMG-nyň Brýusseldäki merkezinde bolan duşuşyk Türkiýe wagty bilen 12.30-da başlady we ýarym sagat dowam etdi.

BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterriş, DKTR-nyň Prezidenti Ersin Tatardan öň ÝB-niň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Belgiýanyň paýtagty Brýussele giden Kipriň grek böleginiň lideri Nikos Anastasiadis bilen hem duşuşypdy.



Degişli Habarlar