“Türkiýe, DKTR-na Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Oktaý bilen DKTR-nyň Premýer-ministri Ersan Saner, paýtagt Ankarada Prezidentiň kompleksinde metbugata beýannama berdi.

1663736
“Türkiýe, DKTR-na Goldaw Bermäge Dowam Eder”

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda dowam edýän taslamalara Türkiýäniň goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Oktaý bilen DKTR-nyň Premýer-ministri Ersan Saner, paýtagt Ankarada Prezidentiň kompleksinde metbugata beýannama berdi.

Fuat Oktaý, DKTR-da durmuşa geçirilýän ähli taslamalar, syýasy, ykdysady we medeniýet taýdan edilýän gatnaşyklar hakynda giňişleýin pikir alyşandyklaryny aýtdy.

Duşuşygyň netijeli geçendigini nygtan Oktaý, Türkiýäniň, DKTR-na goldaw bermäge dowam etjekdigini nygtady.

Fuat Oktaý, Türkiýäniň DKTR-na berýän goldawy we goşýan goşandy meselesinde Prezident R. T. Erdoganyň tutanýerli tutumy alyp barýandygyny ýatlatdy.

Oktaý “Biz DKTR-nyň ýagty geljegi üçin tagalla edýäris. Deň hukukly iki döwletli çözgüde esaslanýan, öz hukuklaryny goraýan güýçli DKTR döwletiniň gurulmagy üçin tagalla edýäris. Bu meselede elmidama DKTR-na goldaw berdik we bermäge dowam ederis” diýip belledi.



Degişli Habarlar